Bal Balam детские подгузники, 4 размер

  • 12.00 TMT16.20 TMT
  • Ex Tax: 12.00 TMT
  • Product Code: Bal Balam
  • Availability: 10

Milli bazarda ilkinji gezek "BAL BALAM" brendiniň çaga arlyklaryny hödürlemäge örän şat! Çagalar üçin haryt öndürilende iň täze tehnologiýalar we oýlap tapyşlar ulanylýar, arlyk öndürmek üçin materiallar berk gözegçilikde saklanýar. Çaganyň dünýä inen gününden pursadyndan başlap, onuň näzik derisi hemişe stres bilen ýüzb..

Milli bazarda ilkinji gezek "BAL BALAM" brendiniň çaga arlyklaryny hödürlemäge örän şat!

Çagalar üçin haryt öndürilende iň täze tehnologiýalar we oýlap tapyşlar ulanylýar, arlyk öndürmek üçin materiallar berk gözegçilikde saklanýar.

Çaganyň dünýä inen gününden pursadyndan başlap, onuň näzik derisi hemişe stres bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Çaganyň derisi örän inçe we näzik, her dürli täsirlere aşa duýgur. Şonuň üçin aladaly we söýýän ene-atalar dürli gyjyndyryjylaryň täsirini azaltmak üçin iň oňat arassaçylyk we çagalara ideg önümlerini saýlamaga synanyşýarlar.

 

Bu meselede kömek etmek üçin "BAL BALAM" arlyklaryny alyp bilersiňiz. Çagalarda deriniň gyjyndyrylmagynyň esasy sebäplerini üns bilen öwrenenimizden soň, olaryň döremegini mümkin boldugyça aradan aýyrýan arlyklary taýýarladyk.

Önümçilik üçin ulanýan çig malymyz tehnologiki prosese berk laýyklykda öndürilýär, ýokary hilli bolup, degişli şahadatnamalar bilen tassyklanan häzirki zaman hil we gözegçilik talaplaryna laýyk gelýär.

Çaganyň saglygy barada alada etmek

gowy arylkary saýlap almak!

Çig mal saýlanylanda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kesgitlenen ekologiýa taýdan arassa arlyklary öndürmek üçin global talaplardan ugrur alynýar.

Önümçilik prosesi daşky gurşawyň ähli talaplaryna, şeýle-de onuň ýok edilmegine laýyk gelýär. BAL BALAM arlyklary näzik çaga derisi üçin düýbünden howpsuz we gipoallergen.

Çagalar üçin "BAL BALAM"

inkär edip bolmajak artykmaçlyklary bar:

Peýdalary

Arlyklar, çaganyň derisine “dem almaga” mümkinçilik berýär.

Arlyklar çaganyň hereketine päsgel bermeýär

Ulanylan materiallar düýbünden gipoallergen.

Çagalar çygly bolanda deri bilen iň az aragatnaşyk saklaýar

Çagalar gyzykly we özboluşly dizaýn bilen tapawutlanýar.

Pes bahadan ýokary hilli

 

Çaga arlygyny ulanmagyň usuly:

1.       Çaga arlygyny ýazyp goýuň we onuň üstüne çagany ýatyryň. Arlygyň öňdäki tarapyny çaganyň garnyna epip, öňdäki ildirgijini üstünde ýelmeşdiriň.

2.       Ildirgiçleri arlygyň merkezinden deň aralykda ýerleşer ýaly arlyga ýelmeşdiriň.

3.       Arlyk has gowy oturar ýaly arlygy ýokaryk çekiň we gapdallardan akmaz ýaly onuň içki gyrajyklaryny çekip daşyna çykaryň.

Önüm barada maglumat:

1.       Ýumşak pagtanyň we ýakymly ysly goşundylaryň ulanylmagy bilen döredilen ýörite gurluşy çaga arlygynyň ykjam oturmagyna mümkinçilik we siziň çagaňyza rahatlyk berýär.

2.       Çaga arlygy çyglygy çalt siňdirýär we onuň akmaklygyna ýol bemeýär.

3.       Howany geçirýän arlygyň üsti çagaňyzyň dersini gyzarmakdan we bişmekden goraýar, ýakymly ysly goşundylar bolsa siziň çagaňyzyň dersine hoşamaý ys we rahatlyk berýär.

4.       Çaga bedeninň ululygyna göra sazlanylýan çeýe we ýerleşegen ildirgiçler arlygy siziň çagaňyzyň bedenine laýyk dakmaklyga mümkinçilik berýär.

5.       Bu ýokary hilli önüm iň soňky tehnologiýalaryň esasynda öndürilendir.

Üns beriň:

Daşky gurşawy arassa saklamak üçin ulanylan arlyklary niýetlenmedik ýerlere zyňmaň we unitazyň içine taşlamaň.

 

Write a review

Note: HTML is not translated!
    Bad           Good